“Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy” ady bilen kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi  “Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy” ady bilen kitap sergisini gurnady. 

       Bu kitap sergisinde Sentýabr aýynyň 4-6 aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Limburg welaýatynyň Kronenberg şäherindäki Pilbergen atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň we dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigi baradaky maglumatlar,  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri  ýerleşdirildi. Mundan başga-da bedewler bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi.                                                                                                        

        Bu kitap sergisi bedewlerimiziň taryhyny, gelip çykyşyny öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi. Şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ahalteke bedewi – …

Metbugat gullugy