“Bedewler – gadymy topragymyzyň gudraty” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Bedewler – gadymy topragymyzyň gudraty” ady bilen söhbetdeşlik gurnady.

  Bu söhbetdeşlikde sentýabr aýynyň 4-6 aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Limburg welaýatynyň Kronenberg şäherindäki Pilbergen atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda halkara gözellik bäsleşigi we dünýä çempionatynyň geçirilişi barada gürrüň edildi. Mundan başga-da atçylyga ýurdumyzda berilýän uly üns barada giňişleýin aýdyldy.         

 Söhbetdeşlige gelen okyjylar üçin öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bedewler – gadymy …

Metbugat gullugy