Ak bugdaý etrabynyň merkezi kitaphanasynda usulyýet maslahady

Image description

Ahal welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Ak bugdaý etrabynyň merkezi kitaphanasynda “Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmekde kitaphana işinde ileri tutulýan esasy ugurlar”atly usulyýet maslahat geçirildi.

       Maslahatda çykyş edenler: Kitaphana işinde sanly tehnologiýanyň mümkinçilikleri,türkmen ýaşlarynyň bilimli,ylymly,giň dünýä garaýyşly,kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde kitaphanalaryň tutýan oruny,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary,Arkadag Serdarly eziz Watanymyzda ýaş nesilleri terbiýelemekde  kitaphanalaryň tutýan oruny ýaly birnäçe çykyşlar dinlenildi.

     Maslahatyň ahyrynda ona gatnaşyjylar türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,alyp barýan beýik işleriniň mundan bu ýana hem rowaç bolmagyny  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ak bugdaý etrabynyň …

Metbugat gullugy