“Akpamyk ertekisiniň gahrymanlary bilen tanyşlyk” atly çeper okaýyş geçirildi

Image description

 Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Aşgabat şäheriniň 38-nji çagalar bakja-bagynda “Akpamyk ertekisiniň gahrymanlary bilen tanyşlyk” atly çeper okaýyş geçirdi.

“Akpamyk” ertekisi türkmen halk döredijiliginiň iň baý we täsirli nusgalarynyň biridir. Bu erteki çagalaryň ruhy, ahlak we psihologik ösüşine diňe bir erteki hökmünde däl, eýsem uly durmuş sapagy hökmünde hem täsir edýär. Ak pamyk ertekiniň baş gahrymany edermen, dogumly, we doganlaryny halas etmek üçin her hili kynçylyklara duçar bolmaga taýýar bolan akylly hem parasatly gyz. Erteki arassa niýet, mertlik we ýagşylyk hemişe ýamanlykdan üstün çykýar. Bu bolsa çagada adalatlylyga bolan ynamy berkidýär. Ak pamyk öz batyrlygy we akyly bilen döwleri ýeňip, doganlaryny halas edýänligi barada okap berildi. Çagalara bilen sorag-jogap alşyldy. Soňra bolsa çeper okaýyşa gatnaşan çagalar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi şadyýan durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Akpamyk ertekisiniň gahrymanlary …

Metbugat gullugy