“Akyldar Pyraga belent sarpa” atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

“Akyldar Pyraga belent sarpa” atly kitap sergisi gurnaldy.

 “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölüminiň işgärleri bölümiň okalga zalynda “Akyldar Pyraga belent sarpa” atly giňişleýin kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligine bagyşlanan kitaplary öz beýany tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserlerinde Magtymguly Pyraga uly baha berilýär. Bu günki gün türkmen halky, ýaş nesillerimiz akyldar şahyrymyzyň kitaplaryny söýüp okaýarlar, şygyrlaryny bagşydyr-sazandalarymyz aýdym edip aýtýarlar. Gurnalan kitap sergisi hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Akyldar Pyraga belent …

Metbugat gullugy