“Äleme şugla saçýan merjen Aşgabat” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Äleme şugla saçýan merjen Aşgabat” ady bilen söhbetdeşlik gurnady.

   Bu söhbetdeşlikde Ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki wagtda binagärlik keşbiniň düýpgöter üýtgändigi, gurulan ymaratlardyr, seýilgähler dogrusynda gürrüň edildi. Ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde  Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyzyň ajaýyp gazananlarynyň waspyny ýetirýän şygyrlardan labyzly okap berdiler.                            

   Paýtagtymyzy dünýäniň ösen, iň owadan şäherleriniň hataryna çykaran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Äleme şugla saçýan …

Metbugat gullugy