Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy hem-de “Altyn asyr ” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bitaraplyk mekany-zenan bagtynyň mertebe mukamy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýan Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutulýar. “Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet – bu biziň ata Watanymyz – eziz Türkmenistandyr!” diýlen nurana, buýsançly sözler bu gün abadan halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi diýip giňişleýin söhbet etdiler.
Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
18.11.2025ý.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Altyn asyr ” …