Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda”Altyn asyr “ teleýaýlymy bilen bilelikde “Edep-terbiýe-ynsan bezegi”ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiziň, gadymdan gelýän şöhratly taryhymyzyň öwrenilmegine uly üns berilýär.Ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň,däp-dessurlarynyň ylmy esasda öwrenilmegi we sarpalanmagy ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar.Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge ,watansöýüjiligi wagyz etmäge ruhlandyrýar.Bu beýik işlerde Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary gymmatly gollanma bolup durýandygy hakynda nygtadylar.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly eserinde: “Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly” diýip belleýşi ýaly,inçe el senetleri gyzlaryň her biriniň kiçilikden öwrenýän hünäri bolup, eneden-gyza nesilme-nesil geçirilip gelnipdir diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy,ýaş nesillerimiziň röwşen geljegi üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
13.11.2025ý.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Altyn asyr “ …