“Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylyk nusgasy” ady bilen söhbetdeşlik.

Image description

Söhbetdeşlikde çykyş edenler hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden dowam edip gelýän asylly ýörelgeleri,merdana pederlermiziň ynsanperwer häsiýetleri halkymyzyň watansöýüjiligini äşgär edýänligini uly buýsanç bilen nygtadylar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmegi taryhy wakalary öz içine alýan şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýar diýip, giňişleýin duryp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Altyn asyr” teleýaýlymy …

Metbugat gullugy