Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda "Altyn asyr" teleýaýlymy bilen bilelikde "Kitap dünýäň açary" atly söhbetdeşlik we ýazgy edildi.
Parahat zamanada "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" diýip atlandyrylan ýylymyzyň toýly başlangyçlarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikler yzygiderli dowam edýär. Söhbetdeşlige gatnaşanlar bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edip, kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler dogrusynda hem-de her bir ynsana ýol ýörelge görkezýän kitaplar barada gyzykly gürrüňler etdiler. Kitabyň adamzada edýän täsiri, dünýägaraýşyňy giňeldýänligi, ruhuňy belende götermäne uly kömeginiň bardygyny belläp geçdiler. Sebäbi kitap adamzadyň çyn dostydyr. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşadyp, bizi ýagty geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: "Altyn asyr" teleýaýlymy …