“Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphana işgärleriniň  “Täze ýyl”  gutlaglary ýazgy edildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphana işgärleriniň  “Täze ýyl”  gutlaglary ýazgy edildi.

Çykyş edenler 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ajaýyp ösüşleri, biziň ykdysadyýetimiz bilen deň derejede ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz, ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Soňra teleýaýlymda çykyş edenler ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzy  täze 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk  alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana  hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Altyn asyr” teleýaýlymy …

Metbugat gullugy