Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Altyn Asyr teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Ösüşlere beslenýän Garaşsyz Diýar.» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlap özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etmek bilen bu gün dünýäde Garaşsyz ,hemişelik Bitarap Türkmenistan atly beýik döwleti bar.Garaşsyz ,Bitarap Türkmenistan-bu döwlet,hakykatdan-da, gülläp ösýän,adamzadyň ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir .Garaşsyz,Bitarap Türkmenistan döwletimiziň agzybirligini,özbaşdaklygyny,ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesiniň üpjün etmeklik barada gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Altyn Asyr teleýaýlymy …