,”Altyn asyr”teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginde “Kitaphanalarda ylmy-usulyýet işlerini döwrebaplaşdyrmak”ady bilen geçirilen usuly maslahaty

Image description

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda,”Altyn asyr”teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginde “Kitaphanalarda ylmy-usulyýet işlerini döwrebaplaşdyrmak”ady bilen geçirilen  usuly maslahatyna gatnaşyjylaryň  çykyşlary ýazgy edildi.

    Gepleşikde çykyş edenler: Döwlet kitaphanasynda “Kitaphanalarda ylmy-usulyýet işlerini döwrebaplaşdyrmak”ady bilen geçirilen usuly maslahatyň özünde galan täsirleri,häzirki wagtda kitaphanalaryň usuly bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler hakynda söhbet etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň“Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyndan” gelip çykýan netijeleri durmuşa ornaşdyrmakda öz öňlerinde durýan wezipeler hakynda  aýdyp geçdiler.

   Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden  arzuw etdiler!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: ,”Altyn asyr”teleýaýlymynyň “Söz …

Metbugat gullugy