Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Arkadagyň pentleri - ak ýollara ýörelge” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler şu günler Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilýän dabalar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolýandygy, Garaşsyz ,Bitarap Türkmenistan-bu döwlet, hakykatdan-da, gülläp ösýän,adamzadyň ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdigi barada söhbet etmek bilen, Garaşsyz,Bitarap Türkmenistan döwletimiziň agzybirligini, özbaşdaklygyny,ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesiniň üpjün edilýändigi hakynda uly buýsanç bilen çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Arkadagyň pentleri - …