“Arzuwlaryň şäheri-merjen şäher Aşgabat” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň işgärleri “Arzuwlaryň şäheri-merjen şäher Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkymyzy, kitaphanaçylary we okyjylary Aşgabat şäheriniň güni bilen mähirli gutladylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň ösüşleriniň bedew bady bilen öňe barýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabat şäheriniň düýbünden täze keşbe eýe bolandygyny, gysga wagtyň içinde owadan we ak mermerli binalara baý şähere öwrülendigini belläp geçdiler. Aşgabat bu günki gün özüniň binagärlik keşbi we ekologik abadançylygy bilen bütin dünýäni haýran galdyrýandygyny höwes bilen beýan etdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar, mähriban halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Arzuwlaryň şäheri-merjen şäher …