“Aşgabadyň seýilgähleri we olaryň binägärlik aýratynlyklary” ady bilen söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Aşgabadyň seýilgähleri we olaryň binägärlik aýratynlyklary” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler Aşgabadyň seýilgähleri we suw çüwdürimleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezegi bolmak bilen birlikde, onuň bagy-bossanlyklaryny we gözellikleriň suwly görnüşlerini emele getirip, binägärlik keşpleri bilen paýtagtymyzyň gurşawynyň ajaýyplygyny aýratyn bellediler. Aşgabatda dürli-dürli suw çüwdürimlerini hemme ýerde–meýdançalarda we şa ýollaryň ugrunda, hökümet, dolandyryş binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň, söwda merkezleriniň öňünde we şuňa meňzeş beýleki ýerlerde görmek bolýar. Paýtagtymyzda döredilen Garaşsyzlyk binasy, Bitaraplyk binasy, Konstitusiýa binasy, “Ylham” seýilgähi, “Älem” medeni dynç alyş merkezi, we beýlekiler adamlaryň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Paýtagtymyz “Ak şäherim Aşgabat” atly monumentiň hem-de durky täzelenen “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähiniň hem beýleki ady agzalan seýilgählerimiz ýaly gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülendigi barada gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Aşgabadyň seýilgähleri we …

Metbugat gullugy