“Aşgabat – gözelligiň we ösüşiň şäheri” ady bilen sergi

Image description

      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Aşgabat – gözelligiň we ösüşiň şäheri” ady bilen sergi gurnaldy.

        Bu guralan kitap sergisinde Ak şäherimiz Aşgabadyň  gününe bagyşlanyp paýtagtymyzy wasp edýän neşir önümler hem-de  Ak şähermiz Aşgabat hakynda ýazylan  döwürleýin neşirlerde çykan  makalalar ýerleşdirildi.

      Gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty   netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň çar künjünde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýär.

    Bu  sergi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.

    Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Aşgabat – gözelligiň …

Metbugat gullugy