Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary bilen “Kitap bilimler çeşmesi” atly gezelenç gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmenistanyň Aşgabat Gurluşyk we binagärlik  ministriliginiň Aşgabat gurluşyk  orta hünär okuw mekdebiniň talyplary bilen  “Kitap bilimler çeşmesi” atly gezelenç gurnaldy.

          Halkymyzda ylym-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba aýratyn sarpa goýulýar. Ol tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji - hazynasydyr. Ýaş nesillerde okamaga höwes döretmek, olaryň bilimli, kämil şahsyýetler bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Esasan hem, kitaphanaçylyk işleri ösdürilýär, olar elektron kitaplar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa okyjylara esasan hem, ýaşlar üçin döwrebap mümkinçilikleri döredýär. Kitap bu üýtgeşik dünýä. Ony okap, geçmişimiz, şu günümiz, ertirimiz bilen tanyşyp bilýäris, dünýä göz ýetirýäris. Kitap okap, älemiň syrlaryny açýarys, beýik adamlary tanaýarys. Akyldarlaryň goýup giden akyl-hazynasyny aňymyza siňdirýäris.

       Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleri watansöýüji, maksada okgunly, giň gözýetimli we çuňňur düşünjeli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde örän ähmiýetlidir. Munuň esasy çeşmeleriniň biri hem ýaşlarada kiçiliginden kitap okamak endigini kemala getirmek barada Türkmenistanyň Aşgabat Gurluşyk we binagärlik  ministriliginiň Aşgabat gurluşyk  orta hünär okuw mekdebiniň talyplary bilen gurnalan gezelençde giňden gürrüň berildi. Gezelenjiň dowamynda kitaphana işgärleri bilen talyplar sorag-jogap alyşdylar hem-de geljegimiz bolan ýaş nesilleri milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly eserleri halkymyza peşgeş, edýän, ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

                                                                                                                                                                                             

                                                                                                           13.11.2025 ý.

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Aşgabat gurluşyk orta …

Metbugat gullugy