“Aşgabat-halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezi” atly kitaphana syny

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan “Aşgabat-halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezi atly kitaphana syny geçirildi.

          Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň esasy kitaphanaçysy Şemşat Maşadowa kitaphanaçylaryň arasynda “Aşgabat-halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezi” atly kitaphana  synyny geçirdi.         

        Ol ýurdumyzyň baş şäheri bolan Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülendigi, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlan döwletlilik ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz hem bu günki gün gözel şäherimizi gülledip ösdürmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýändigi barada gürrüň berdi. Soňra ol Aşgabat şäherinde häzirki wagtda alnyp barylýan gurluşyk binalary barada durup geçdi.

        Söhbetdeşligiň ahyrynda çärä gatnaşyjylar ak mermere beslenen binalary bilen dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýän gözel paýtagtymyzy gülledip ösdürmekde döwletli başlangyçlary durmuşa geçirýän, halkymyzyň nurana günlerde, asuda durmuşda ýaşamagy üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Aşgabat-halkara ähmiýetli çäreleriň …

Metbugat gullugy