Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi, “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Awaza –dost-doganlyk mekany” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy.

Image description

Bu söhbetdeşlikde  çykyş edenler, dost-doganlyk mekany bolan “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň gözelligi, onuň jana şypaly howasy,göreni haýran galdyrýan dynç alyş binalary hakynda  giňişleýin söhbet etdiler.Soňra olar bu gözel künjekde halkara derejesinde geçirilýän dürli çäreler, dürli festiwallar we beýlekiler hakynda gürrüň etmek bilen , bu ajaýyp ýere dürli ýerlerden dynç almaga gelýändikleri, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrümiziň ajaýyp gözelligi bolan  “Awaza” dynç alyş zolagynyň barha owadanlaşýandygyny nygtadylar.

Çykyş edenler bular hakynda  gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň  Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Aşgabat şäher Köpetdag …

Metbugat gullugy