Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuralyýew adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary gezelençde boldylar

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuralyýew adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary gezelençde boldylar.

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuralyýew adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary gezelençde boldylar. Gezelenjiň çäklerinde mekdep okuwçylary Döwlet kitaphanasy bilen tanyş boldylar hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.                                                                                                                 

Gezelençde bolan mekdep okuwçylary kitap bilen dostlaşmagyň beýik geljege ýol açýandygyna göz ýetirdiler. Uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar ýaşlar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary derejelere götermegi öz öňlerinde borç edinip goýýandyklaryny buýsanç bilen bellediler. Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Aşgabat şäher Medeniýet …

Metbugat gullugy