Aşgabat şäherinde ýerleşýän 32-nji çagalar bakja-bagynda “Arkadagly nesil-bagtyýar nesil ” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi  Aşgabat şäherinde ýerleşýän 32-nji çagalar bakja-bagynda “Arkadagly nesil-bagtyýar nesil ” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 32-nji çagalar bakja-bagynda “Arkadagly nesil-bagtyýar nesil” atly söhbetdeşligi körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden  çeper okaýyş bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş geçirildi. Bakja – bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsli diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag jogap alyşdylar. Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinde giňişleýin gürrüň berildi. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy. Kitaphana işgärleri tarapyndan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da  artdyrdy.

  Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip berýän  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Aşgabat şäherinde ýerleşýän …

Metbugat gullugy