Aşgabat söwda we dynç alyş merkezinde “Gyrat aýagyň galdyr, nalyň kakaýyn” ady bilen ýazgy edildi

Image description

Aşgabat söwda we dynç alyş merkezinde “Gyrat aýagyň galdyr, nalyň kakaýyn” ady bilen ýazgy edildi.

       Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň halypa işgäri “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Maşgalam - baş galam” atly gepleşiginde ak şäherimiz Aşgabadyň binagärliginde bedewleriň keşbiniň ýerleşdirilmegi  dogrusynda ýazgy etdiler. Kitaphana işgäri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurulýan halk bähbitli binalardyr, söwda we dynç alyş merkezleri hakynda täsirli söhbet etdi. Şeýle hem “Aşgabat söwda we dynç alyş merkeziniň”  bedew atlarymyzyň nalynyň görnüşinde gurulmagynyň ýene bir ýola türkmen halkynyň ahalteke bedewlerimize goýýan çäksiz hormatynyň nyşanydygy dogrusynda söhbet etdi we türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Aşgabat söwda we …

Metbugat gullugy