“Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Älem syry kitap bilen açylýar”ady bilen söhbetdeşlik.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Älem syry kitap bilen açylýar”ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary biziň gymmatly gollanmamyza,durmuş şamçyragymyza  öwrüldi.Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden pähimlerinde nygtalyşy ýaly,kitaplar egsilmeýän ruhy hazynadyr. Kitap adamyň şahsyýetiniň kämilleşmegine has uly täsirini ýetirýändigini,ol şahsyýetiň durmuşynda täze bir sahypanyň açylmagyna,köp okap, öwrenmegine,durmuşda mynasyp ornuny tapmaga, dünýägaraýşynyň giňemegine täsir edip, kitaplaryň her bir sahypasy durmuş sapaklaryny öwredýän maglumatlardan dolydygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik  işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Aşgabat” teleýaýlymy bilen …

Metbugat gullugy