Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde “Berkarar döwlete bagt bolup dolan, illerimizde Garaşsyzlyk ýalkymy”atly söhbetdeşlik.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde “Berkarar döwlete bagt bolup dolan, illerimizde Garaşsyzlyk ýalkymy”atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34   ýyllyk toyunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri gazanylan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler barada Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitabynyň “Budur türkmen binasy” diýen  bölüminde beýan edýän buysandyryjy sözleri öz içinde jemleýän wakalar dogrusynda söhbetdeşlik alynyp baryldy.Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Aşgabat teleýaýlymy bilen …

Metbugat gullugy