“Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”atly ajaýyp kitabyndan ýazgy edildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”atly ajaýyp kitabyndan ýazgy edildi.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly ajaýyp kitapdyr.Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olar häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr diýip, nygtadylar. Olar çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň ömrümize bezeg berýän şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Aşgabat” teleýaýlymy bilen …

Metbugat gullugy