“Aşgabat“ teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramyna “Älem içre sarpalanýan bedewler” atly görnükli atşynaslar bilen duşuşygyny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Aşgabat“ teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramyna “Älem içre sarpalanýan bedewler” atly görnükli atşynaslar bilen duşuşygyny geçirdi.

Bu duşuşykda çykyş eden, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyndan gelen myhmanlarymyz, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä belli edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sap ganly ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olary köpeltmek, seýislemek we atçylyk sportuny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler.

Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Aşgabat“ teleýaýlymy bilen …

Metbugat gullugy