A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumy orta mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary gezelençde boldylar

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumy orta mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary gezelençde boldylar.   

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumy orta mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara  jogap tapdylar. Gezelenjiň dowamynda okuwçylara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ”Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly rus dillindäki  gymmatly kitabyň many-mazmuny hakynda, geljegimiz bolan ýaş nesilleri lebzi halal ruhda terbiýelemek, olaryň gursagyna watançylyk söýgüsini guýmak asylly ýörelgeleriň biridigini, perzendiň asylly, edep-ekramly bolmagy üçin ilkinji nobatda, ene-ata görelde bolmalydyr diýip, giňişleýin gürrüň edildi. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

   Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda mekdep okuwçylary, mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus …

Metbugat gullugy