“Asylly ýörelgeleriň şuglasy” atly söhbetdeşlik gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Asylly ýörelgeleriň şuglasy” atly söhbetdeşlik gurnady.

Ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyga, parahat söýüjilige, myhmansöýüjilige ýugrulan asylly ýörelgeler häzirki döwürde döwrebap ösdürilýär we dünýä ýaýylýar. Munuň özi merdana halkymyzyň, ynsanperwer aň-düşünjesiniň miwesidir. Giň gerimli ösüşler bolsa hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyz üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolýar. Eziz Watanymyzyň beýik ösüşler barada ýaş nesle yzygiderli maglumatlaryň berilmegi olarda watansöýüjiligi, milli buýsanjy ösdürýär. Garaşsyzlygymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň, parahatsöýüjilik ýörelgelerimiziň gadyr-gymmatyny we ýurdumyzyň asylly başlangyçlaryna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz dünýäniň döwletleri bilen dostluk, birek-birege hormat, ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny yzygiderli ösdürilýändigi barada gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň soňunda işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Asylly ýörelgeleriň şuglasy” …

Metbugat gullugy