“Asyllylyk- türkmen zenanlarynyň zynaty”

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler  arkalaşygy guramasy, Merkeziň ilkinji zenanlar guramasy  bilen bilelikde “Asyllylyk- türkmen zenanlarynyň zynaty” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler  arkalaşygy guramasy, Merkeziň ilkinji zenanlar guramasy şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň işgärleri “Asyllylyk- türkmen zenanlarynyň zynaty” atly wagyz-nesihat çäresinde çykyş etmek bilen, türkmen gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan  gelýän asylly däp-dessurlarynyň,biziň durmuşymyzda uly terbiýe mekdebi bolup gelýändigini nygtadylar.Türkmen zenanlary öz asylly häsiýetlerini maşgalada öz gyzlarynyň-gelinleriniň aňyna guýýarlar.Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak,köpçülik ýerlerinde özüni asylly alyp barmak,biziň yaşajyk gyzjagazlarymyzyň çagalykdan aňyna guýulýar. Sebäbi her bir maşgala biziň jemgyýetimiziň bir bölegi bolup durýar. Gelin-gyzlarymyzyň eliniň çeperligi,diliniň süýjüligi,her bir işde öň hatardalygy bizi begendirýär we buýsandyrýar diýip, çykyş edenler öz söhbetlerinde nygtamak bilen bize bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşlaryny aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Asyllylyk- türkmen zenanlarynyň …

Metbugat gullugy