Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýaş nesilleriň terbiýesi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Belli bolşy ýaly, jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanşyklydyr. Türkmen halkynyň durmuşynda asylly ýörelgeler bar. Şol ýörelgeler, däp-dessurlar maşgaladan başlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly dürdäne eserinde: “Maşgala ojagynda berlen terbiýäniň perzendiň tutuş geljegine täsir edip bilýändigi hakykatdyr. Dogry dürs berlen terbiýe ynsanyň dünýä hem-de durmuşa bolan garaýyşlarynyň özenini düzýär” diýip bellemek bilen, döwlet sütünleriniň berk bolmagy üçin maşgala we nesilleriň terbiýesine juda jogapkärli çemeleşmegimiziň wajypdygyny nesihat edýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler “Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen parasatly ýörelgesi bilen bagtyýar nesilleriň kemala gelmeginde maşgala ojaklarymyzyň bereketli we bagtyýar bolmagynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Asyllylyk- türkmen zenanlarynyň …