“At-türkmeniň ganaty”

Image description

“At-türkmeniň ganaty”.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyz we ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Çykyş eden hünärmenler bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda türkmen bedewlerine goýulýan sarpanyň belentdigini şeýle hem ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy dogrusynda söhbet etdiler. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň bedewleriň waspyny ýetirýän ajaýyp eserlerinden birnäçe gymmatly maglumatlary halk köpçüligine ýetirdiler we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “At-türkmeniň ganaty”

Metbugat gullugy