“Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” ady bilen sergi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki  edebiýatlar bölümi “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” ady bilen sergi gurnady.

Bu  kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da awtomobil ýollarynyň gurluşygy bilen bagly   edebiýatlar ýerleşdirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygy-bu diňe bir asfaltdan we betondan ybarat bolman, eýsem gaty çylşyrymly inženerçilik we tehnologik prosesdir. Ýoluň uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmegi, howpsyz bolmagy we uly ýüklere çydamlylygy  üçin gurluşyk berk tertipde, tapgyrlaýyn alnyp barylýanlygy  barada gürrüň berildi. Sergini görmäge gelen okyýjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan- gymmatly maglumatlary okap, özlerine gerekli maglumatlary alyp, birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” …

Metbugat gullugy