“Bagt paýlap gelýän bahar” atly kitap sergisi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Aşgabat şäheriniň 83-nji orta mekdebinde  “Bagt paýlap gelýän bahar” atly kitap sergisini gurnady.

 

     Bu göçme kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi.  Halkara Nowruz baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli bayramlaryň biridir. Gündogar ýurtlarynyň köpüsinde Nowruz-Täze ýyl baýramy höküminde ýaz paslynda, gije-gündiz deňleşýän wagty bellenilipdir. Şeýle hem bu baýram gündogar  halklarynyň däp-dessurlaryny şöhlelendirýän, umumyadamzat gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna, medeniýetleriň ösüşine täsirini ýetirip gelýär. Ruhy ahlak gözelligini, parahatçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleri dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr. Nowruz baýramy hakykatdan hem adamlaryň päkize kalp bilen öýlerde semeni bişirip birek-biregi tüýs ýürekden gutlaýan günüdir. Bu baýram halkyň arasynda özara düşünşmäge, birek-birege hormat goýmaga we agzybirligi berkitmäge ýardam berýär. Şu jähetden hem, Halkara Nowruz baýramyny halkymyz ýakyn goňşylary bilen hoşniýetli gatnaşmak, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmek baradaky asylly däpleri mynasyp dowam edip, agzybirlikde we jebislikde garşy alýarlar.

  Sergä gatnaşyjy mekdep okuwçylar  we mugallymlar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

                                                                                        19.03.2025ý.

 

 

 

 

         

 

 

      

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklary ösüşlere beslenýär” atly kitap sergisini gurady.

    Parahatçylyk söýüjiligi, ynsanperwerligi hem dostlukly gatnaşyklary öz döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan uly öňegidişlikler ähli halkymyzy guwandyrýar. Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Ýurdumyzda döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen senagat kärhanalary doly güýjünde işleýär, innowasion häsiýete eýe bolan ýokary hilli gurluşyk önümlerini we harytlary öndürmek, täze döwrebap senagat kärhanalaryny gurmak we ozalky bar bolan kärhanalarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirip, olary häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak, ýerli çig mallaryň hasabyna bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli , ekologik taýdan arassa täze senagat önümçiligini innowasion esasda ýola goýmak üçin degişli işler geçirilýär.

   Gahryman Arkadagymyza. Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyga beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bagt paýlap gelýän …

Metbugat gullugy