“Bagtyýar çagalar- abadan jemgyýet-kuwwatly döwlet” atly çeper okaýyş.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 25-nji çagalar bakja-bagynda “Bagtyýar çagalar-abadan jemgyýet-kuwwatly döwlet” ady bilen körpeleriň arasynda çeper okaýyş geçirdiler. Kitaphana işgärleri gahrymançylyk, mertlik, adalatlylyk, watansöýüjilik we akyl-paýhas ýaly ýokary ahlak sypatlaryny özünde jemleýän türkmen halk ertekilerinden bu ýerde terbiýelenýän körpejelere okap berdiler. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy we kitaplardan sergi gurnadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşan kitaphanaçylar ösüp gelýän ýaş nesliň bagtly, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bagtyýar çagalar-abadan jemgyýet-kuwwatly …