“Bagtyýar döwletiň bagtly çagalary” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 32-nji “Mähribanlarym” çagalar bakja bagynda “Bagtyýar döwletiň bagtly çagalary” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Çagalara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, pak ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirilýändigini beýan etdiler. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport , dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň sanynyň artýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de ähli ýaşlarymyz bilen birlikde, ýaş gyzlarymyzyň hem kämil ylym-bilim almagy döwrebap hünär öwrenmegi, Watanymyza, halkymyza wepaly şahsyýetler bolup yetişmegi üçin ähli şertler döredilendigini aýtdylar.
Göçme kitap sergisinde çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler, matallar we tapmaçalar ýerleşdirildi.
Çärä gatnaşanlar bilim ulgamyny ösdürmäge, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bagtyýar döwletiň bagtly …