“Bagtyýar döwrüň körpe bilbilleri” atly çeper okaýyş we göçme sergi gurnaldy

Image description

“Bagtyýar döwrüň körpe bilbilleri” atly çeper okaýyş we göçme sergi gurnaldy.

   Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Aşgabat şäheriniň 69-njy çagalar bakja-bagynda “Bagtyýar döwrüň körpe bilbilleri” atly çeper okaýyş geçirdiler we göçme kitap sergisini gurnadylar. Körpe nesiller–bu ertirki günde ýurdumyzyň adyndan çykyş etjek hünärmenler, alymlar, sungat işgärleri we watanyň wepaly goragçylarydyr. Olaryň ýüzlerindäki şatlyk we bagtyýar gülki döwletimiziň ösüşleriniň iň uly netijesidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar, parahat we abadan ýaşamagy, öwrenmegi hem-de döretmegi üçin ähli şertler döredilendir. Çeper okaýşyň dowamynda çagalara birnäçe ertekiler, goşgular okap berildi, şeýle-de çeper okaýyş has-da gyzykly bolar ýaly sorag-jogap alşyldy. Söhbetleriniň dowamynda körpeleri ertekiler bilen tanyş etmek üçin göçme kitap sergisinde çagalar edebiýatyna degişli birnäçe kitaplar ýerleşdirildi. Soňra bolsa çeper okaýyşa gatnaşan çagalar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bagtyýar döwrüň körpe …

Metbugat gullugy