Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras”teleýaýlymy bilen bilelikde “Bagtyýar nesilleriň buýsanjy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Arkadag” futbol toparynyň ýeňşi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabt gaznasyna geçirmek hakynda haýyş bilen ýüz tutandygyny we bu serişdäniň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirilendigi barada özleriniň buýsançly sözlerini aýtdylar. Sebäbi biziň ýaş nesillermiz biziň eziz Watanmyzy geljekde gülledip ösdürjek adamlardygyny olar üçin, döwlet derejesinde uly hemaýat edilýändigini nygtadylar.
Olar söhbetleriniň ahyrynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bagtyýar nesilleriň buýsanjy” …