“Bagtyýar nesilleriň nagmalary” ady bilen çeper okaýyş geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 42-nji çagalar bakja-bagynda “Bagtyýar nesilleriň nagmalary” atly körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler. Bakja–bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsli diňläp, özlerinde täsir galdyran gahrymanlary barada gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Çeper okaýyşda çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana işgärleri ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler, bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Şeýle-de çeper okaýyşyň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy.
Kitap sergisi ýaş nesliň her birinde kitaba bolan düşünjäni artdyrdy. Şeýle-de çagalara, kitap okan çaganyň jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol-ýörelgedigi hakynda giňden maglumatlar berildi. Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bagtyýar nesilleriň nagmalary” …