“Bagtyýarlygymyzyň we ösüşlerimiziň sarsmaz binýady”

Image description

“Bagtyýarlygymyzyň we ösüşlerimiziň sarsmaz binýady”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonementi bölümi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”  ýyly mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň ýurdumyzyň  Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda halkymyzyň özüniň bagtyýar geljegini gurýandygy hakynda söhbet etdiler. Şeýle hem 2026-njy ýylyň nyşanynyň ýurdumyzda alnyp  barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklerini, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýar diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.

  Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bagtyýarlygymyzyň we ösüşlerimiziň …

Metbugat gullugy