“Bal süýji baldan bala süýji” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi Aşgabat şäherindäki 66-njy çagalar bagynda “Bal süýji baldan bala süýji” ady bilen çeper okaýyş geçirildi.Çeper okaýyşda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden labyzly okap berdiler. Çagalara ertekileri okap bermegi olarda has-da gyzyklanma döredi. Bakja – bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsi diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinde giňişleýin gürrüň berildi.Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde “Kitap – meniň dostum” ady bilen Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan çagalar degişli kitaplaryndan göçme kitap sergi hem gurnaldy. Kitaphana işgärleri tarapyndan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bal süýji baldan …