Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi Aşgabat şäheriniň 46-njy çagalar bagynda “Bal süýji baldan bala süýji” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi.
Aşgabat şäherinde ýerleşýän 46-njy çagalar bakja-bagynda "Bal süýji baldan bala süýji" ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen bilelikde söhbetdeşlik gurnaldy. Çagalara gyzykly ertekileri okalyp, olaryň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüň berildi. Bakja bagynda terbiýelenýän çagalar okalan ertekiler barada özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Ýaş nesilleriň döwrebap okap bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan her bir tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bal süýji baldan …