Baýdak-milli buýsanjymyz

Image description

Baýdak-milli buýsanjymyz.

       Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 4-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Baýdak Watan mertebesidir” atly wagyz nesihat çäresi hem-de “Baýdak türkmeniň abraý-mertebesidir” atly göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu göçme kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerine uly ähmiýet berildi. Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ýaşyl Tugumyzyň Watan mertebesidigi barada giňişleýin gürrüň etdiler hem-de sözleriniň ahyrynda türkmen Tuguny mukadeslige deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Baýdak-milli buýsanjymyz

Metbugat gullugy