Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Bedenterbiýe we sport – sagdynlygyň goşa ganaty” ady bilen sergi gurnaldy.
Bu guralan kitap sergisinde türkmen sportunyň dürli görnüşlerine degişli neşir edilen edebiýatlar goýuldy. Şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabatda we beýleki welaýatlarda gurulyp halkymyza hyzmat edýän sport desgalary, dürli türgenleşik binalary hakynda ýazylan döwürleýin neşirler hem ýerleşdirildi. Mundan başga-da türkmen sportuna degişli dürli dillerde neşir edilen eserler hem goýuldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty bu gün dünýä dolýar. Ýurdymyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar sport mekdepleri we beýleki desgalar bina edildi we ulanylmaga berildi. Türgenlerdir hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi. Türkmen sport ussatlary daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar. Sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler sport ussatlygynyň ýokary derejelere çykmagyna hem ýardam edýär.
Bu sergi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bedenterbiýe we sport …