Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Bedew atym - ganatym” ady bilen sergi gurnaldy.
Döwlet kitaphanada ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlap sergi gurnaldy. Bu sergide özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan Ahalteke bedewlerimiz hakynda edebiýatlar we döwürleýin neşirlerde çap bolan makalalar goýuldy. Şeýle hem “Bedew atym – ganatym” atly guralan bu sergide daşary ýurt dillerinde terjime edilen neşirler hem ýerleşdirildi.
Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr. Gadymy we şöhratly türkmen halkynyň nepis halysy, altyn-kümüş şaý sepleri ýaly milli baýlyklarynyň biride onuň gamyşgulak bedew atydyr.
Bu sergi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap diňe öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bedew atym - …