“Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan” atly söhbetdeşlik geçirildi

Image description

“Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan” atly söhbetdeşlik geçirildi.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde türkmen bedewiniň waspyny ýetirýän “Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda has takygy, Sentýabr aýynyň 4-6- sy aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň türkmen atçylyk sungatynyň, halkymyzyň milli buýsanjynyň dünýä ýüzündäki abraýynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrülendigi,şeýle hem ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň guralmagy, bedewleriň waspyny ýetirýän sergileriň sergilenmegi we medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň türkmen bedewiniň dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan muşdaklaryny bir ýere jemländikleri dogrusynda söhbet etdiler. Söhbetleriniň soňunda türkmeniň wepaly dosty, buýsanjy hem syrdaşy bolan bedewlerimizi dünýä ýüzüne tanatmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bedew batly öňe …

Metbugat gullugy