“Bedew bilen beýgelýän döwür”

Image description

“Bedew bilen beýgelýän döwür”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Türkmen atlary” döwlet birleşiginde “Bedew bilen beýgelýän döwür” ady bilen Gahryman Arkadagymyzyň bedew hakdaky eserlerinden göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da bedewler baradaky neşir edilen edebiýatlar hem ýerleşdirildi.

Göçme kitap sergisini görmäge gelenler üçin bedewlerimiziň taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bedew bilen beýgelýän …

Metbugat gullugy