Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi “Bedew waspy söz äleminde’’ atly söhbetdeşlik gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen bedewi özüniň owadanlygy, çydamlylygy, eýesine wepalylygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýan naýbaşylarynyň biridir. Gözellikde, ýyndamlykda deň-taýy bolmadyk gamyşgulak türkmen bedewiniň şöhraty asyrlardan-asyrlara aşyp, dowamat-dowam boljakdygy, onuň gadyr-gymmatynyň hemişelikdigi biz ýaş nesiller üçin buýsandyryjydyr. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Bedew waspy söz äleminde’’ atly söhbetdeşlik gurnaldy.
Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan ”Behişdi- Bedewler” atly kitap sergi hem gurnaldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir.
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bedew waspy söz …