“Behişdi bedewleriň çeper eserlerdäki waspy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Image description

“Behişdi bedewleriň çeper eserlerdäki waspy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda “Behişdi bedewleriň çeper eserlerdäki waspy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. ”Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” atly gepleşigi tarapyndan ýazgy edilen döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda türkmen bedewlerimiziň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny, ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmekde, seýisçilik sungatyny, çapyksuwarlary taýýarlamakda  ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny nygtap geçdiler. Şeýlede ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk atlaryň waspynyň nusgawy ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde, halk döredijiliginde öz beýanyny tapýandygy, söz ussatlarynyň bedewleriň haýran galdyryjy häsiýetlerini, gözelligini ,ýyndamlygyny öz goşgularyna siňdirip, biziň şu günlerimize ýetirendikleri dogrusynda söhbet etdiler we özleriniň ajaýyp goşgularyndan okap berdiler. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Behişdi bedewleriň çeper …

Metbugat gullugy