“BEKU programma kitaby ýüklemek we tehniki taýdan işlemek” barada okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi tarapyndan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen “BEKU programma kitaby ýüklemek we tehniki taýdan işlemek barada okuw-usuly maslahaty geçirildi. Okuw-usuly maslahatynda kitabyň bölüme kabul edilişi we elektron kataloga ýüklenilişi barada gürrüň berildi. Ondan başga-da Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçmiş pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgelerini döwrebap ösdürip, berkarar döwletimizi parahatçylygyň, asudalygyň mekany hökmünde halkara jemgyýetçiligine giňden tanadandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda bitirilen ähli beýik işleriň şaýady bolandygymyz döredijilikde, ykdysady-pudaklarda, bilimde, saglykda, sportda üstünlik gazanylandygy dogrusynda söhbet etdiler. Okuw-usuly maslahatyň ahyrynda talyp ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “BEKU programma kitaby …